EurActiv-iň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ykjam telefonlar we
beýleki elektron enjamlar üçin umumy zarýad beriji enjam döretmek barada kanun
kabul etmekçi.
Ýeke-täk standart zarýad berijiler, häzirki zaman smartfonlaryň köpüsinde
ulanylýan USB-C birleşdirijisine esaslanar. Emma Apple kompaniýasy, şeýle
karardan zyýan çekip biler – kompaniýa Lightning proprietar interfeýsini
ulanmagyny dowam etdirýär.
2020-nji ýylda Apple kompaniýasyny USB-C birleşdirijilerine geçmäge
synanyşdylar, emma Ýewropa Bileleşiginiň synanyşygy başa barmady. Kupertino
şäherindäkiler, köptaraplaýyn çözgüdiň innowasiýalara zyýan ýetirjekdigini we
ulanyjylara täze zarýad berijilere geçmäge mejbur edilse, gaty köp elektron
galyndylarynyň dörejekdigi baradaky pikirleri öňe sürýärler.
Smartfonlara zarýad bermegiň ýeke-täk standarty güýzde peýda bolar
