Nikol Kidman Teleýaýlym tankytçylarynyň Assosiasiýasynyň agzalarynyň
ýygnagynda ýakyn wagtda Hulu "Dokuz nätanyş adam" serialynda russiýaly
Maşanyň rolunyň üstünde nähili işländigi barada gürrüň berdi diýip, Deadline
habar berýär.
Aktrisanyň sözlerine görä, surata düşürilýän döwrüň bäş aý dowam
edendigini we şol bäş aýyň içinde onuň obrazdan çykmandygyny, hatda oňa Maşa
diýip ýüzlenmeklerini haýyş edendigini aýdylýar.
Bir meňzeş atly Liana Moriartynyň iň köp satylan kitabyna esaslanan
serialda, Oskar baýragynyň eýesi Nikol Kidman, adaty bolmadyk sagaldyjy tärleri
bolan, Russiýadan gelen emigrantyň roluny ýerine ýetirýär.
Ol uly şäherlerdäki müşderilere stresi ýeňip geçmäge we durmuşlaryny
gowulaşdyrmaga kömek edýär. Ýöne munuň üçin Maşa, hemme adamyň taýyn
bolmadyk, adaty däl psihologiki usullaryna ýüz urýar.
Nikol Kidman bilen birlikde bu tomaşa Melissa Makkarti, Samara Uiwing,
Luk Ewans, Bobbi Kannawale we beýlekiler gatnaşýar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Nikol Kidman russiýaly Maşanyň rolunyň üstünde nähili işländigi barada gürrüň berdi
Nikol Kidman russiýaly Maşanyň rolunyň üstünde nähili işländigi barada gürrüň berdi
