Russiýadaky aýna ýaly düýbi görnüp duran ilkinji asma köpri Soçi
şäherindäki "Roze Hutor"-da peýda boldy diýip, dag kurortyň web sahypasynda
habar berilýär.
Täze atraksion Rize Pikde (deňiz derejesinden 2320 metr beýiklikde)
ýerleşýär, onuň uzynlygy 32 metr.
"Köpriniň basgançaklary monolit polikarbonatdan ýasalyp, demir ýaýlar we
tanaplar bilen berkidildi" -diýip taslamanyň guramaçysy Aleksandr Ýakuşenko
gürrüň berdi.
Ol dünýäde bar bolan şuňa meňzeş konstruksiýalardan tapawutlylykda, Rose
Pikdäki köpriniň hereketlidigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýöne jahankeşdeler howpsuzlyk barada alada etmeli bolmazlar: obýekte
girmezden ozal her bir adama ýörite geýilýän howpsuzlyk enjamlary bilen
kepillendirilýär. Şeýle hem agramy (100 kilogramdan ýokary bolmadyk) we boýy
(130 santimetrden ýokary) tarapyndan hem çäklendirmeler bar.