Alymlar beýleki koronawiruslara garşy antikorlaryň, COVID-19 döredýän
antikorlara garşy täsirli bolup biljekdigini anykladylar. Belkide, hut şolar – keseliň
alamatsyz geçmeginiň sebäbi bolup biler.
Koronawiruslaryň köp görnüşi bize mälimdir. Pandemiýa sebäp bolan
SARS-CoV-2 diýilip atlandyrylýar. Beýleki koronawiruslaryň, COVID-19
geçişine nähili täsir edýändigini bilmek üçin alymlar 578 keselhana işgärleriniň
gan nusgalaryny seljerdiler.
Gatnaşanlaryň 16,4% -de SARS-CoV-2 antikorlary bardy. Soňra alymlar
COVID-19 bilen kesellän 33 adamy saýladylar we beýleki koronawiruslara garşy
antikorlaryň derejesini synladylar. Görnüşi ýaly, COVID-19 alamatsyz geçiren
adamlarda beýleki koronawiruslara garşy antikorlaryň has ýokary derejesi bar.
Alymlar "çep" antikorlaryň SARS-CoV-2 ýokaşmasynda, gorap we keseliň
ýeňil geçmegine kömek edip biler diýen netijä geldiler.