Dobrolow kompaniýasynyň hil boýunça müdiri, russiýaly lukman-
dezinfektolog Nikolaý Dubinin antiseptikleriň we dezinfeksiýa serişdeleriniň
koronawirusa we beýleki ýokanç kesellere garşy 100% täsir edýändigini aýtdy.
Şeýlelik bilen, hünärmeniň sözlerine görä, köpçülik ýerlerini
zyýansyzlaşdyrmak üçin ulanylýan bu serişdeler COVID-19-a garşy göreşde 100
göterim netijeliligini görkezdi.
Elleri sabyn bilen ýuwmaklyk häzirlikçe diňe elleriň uçlaryndaky wiruslary
gowşadýar we köp bölegini el ýagynyň bölejiklerinde galdyrýar,sanitaýzerler bolsa
infeksiýalary düýbünden ýok edýär diýip,Dubininanyň sözlerini URA.RU neşiri
gürrüň berýär.
Hünärmen, ilki bilen adamlar ellerini sabyn bilen ýuwup, soň bolsa spirtli
sanitaýzerler bilen zyýansyzlaşdyrsa gaty gowy gorag usuly bolar diýip,aýtdy. Bu
usul deriniň üstündäki infeksiýalaryň galyndylaryny öldürip, elleriňizi doly
arassalaýar.