Ilki başda gözlegçiler Zelandiýany kontinent hasap edip bolarmy diýip
jedelleşdiler. Ol, bu görnüşdäki obýektleriň köp ölçeglerine laýyk gelýär: takyk
kesgitlenen araçäkleri, bir million inedördül kilometrden gowrak meýdany tutýar,
töweregindäki okean gatlagynyň üstünden ýokary çykýar we okeanyňkydan has
galyň kontinental gatlagy bar. Şeýle-de bolsa, Zelandiýa bir ölçege laýyk gelmedi
– ýaşy boýunça. Ol ýerdäki iň gadymy nusgalaryň ýaşy 500 million ýyl diýip çak
edilýär. Beýleki kontinentler ýaşy Zelandiýanyň ýaşyndan azyndan iki esse
köpdür.
Täze gözlegler, bu çaklamalaryň nädogrydygyny görkezdi. Gelip çykyşy syr
bolup galan,suw bilen örtülen kontinentiň bir bölegi, geologlaryň mundan öň çak
eden ýaşyndan iki esse köpdür. Täze Zelandiýaly bir gözlegçiniň aýtmagyna görä,
ol indi özüniň aýratyn kontinentda ýaşaýandygyna şübhelenmeýär.
Gipotetiki kontinentyň köp bölegi (takmynan 94%) Ýuwaş ummanyň
suwlarynyň aşagynda ýerleşýändigini bellemelidiris.
Täze Zelandiýanyň astynda gizlin sekizinji kontinent tapdylar
