2021-nji ýylyň ýanwar – maý aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky
söwda dolanyşygy 49 göterim ýokarlanyp, 74,6 mln dollara barabar boldy. Bu barada
Finprom portalyna salgylanyp, Trend habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, Gazagystandan Türkmenistana eksport 48,6 mln dollar,
Türkmenistandan import bolsa 80,3% ýokarlanyp, 26 mln dollar boldy.
Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Gazagystan strategiki hyzmatdaşlardyr. Bu iki ýurt
Ýewraziýanyň ykdysady komissiýasynyň çäginde eksport-import amallaryny yzygiderli
amala aşyrýarlar.
Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Türkmenistan sement, beton ýa-da emeli
daş önümleriniň Gazagystana eksportuny 56,8 göterim artdyrdy. Bu döwürde
Türkmenistandan Gazagystana jemi 39,79 müň dollara 1,243 müň tonnadan gowrak
sement, beton ýa-da emeli daş önümleri eksport edildi.
Öň, 2019-njy ýylyň jemi boýunça Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda
dolanyşygynyň 145,92 mln dollar bolandygy we munuň 2018-nji ýyla garanda 48,7 göterim
köpdügi habar berildi.