Amerikaly alymlar häzirki wagtda meşhur aralyga wagt salyp aç durmagyň,
horlanmakdan başga-da saglyga köp peýdalarynyň bardygyny anykladylar.
Gözlegiň netijeleri Cell Reports žurnalynda çap edildi.
Arakesmeli ýa-da aralykly aç durmagyň tejribesi (TRE – time-restricted
eating) – iýmitiň belli bir sagada çenli çäklendirilmegini üpjün edýän ,iýmitleniş
düzgünidir – öz agramyny azaltmak we üýtgetmän saklamak isleýän adamlaryň
ünsüni özüne çekýär, şonuň üçin TRE gözlegleriniň köpüsi horlanýanlary
kesgitlemek üçin gönükdirildi
Kaliforniýadaky Solka biologiki gözleg institutynyň alymlary, TRE
režiminiň bedeniň beýleki organlarynyň işlerine nähili täsir edýändigini bilmek
üçin syçanlarda barlag geçirmek kararyna geldiler. Netijeler, aralykly aç
durmagyň, ikinji görnüşli süýji keseli, bagyryň ýaglanmagy, bagyrdaky rak keseli
we hatda COVID-19 ýaly ýokanç kesellere kömek edýändigini görkezýär.

Nurgözel GAÝYPJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby