Türkiýede "Alp-Arslan" atly taryhy teleserial surata düşürildi diýip,
RusTurkey.com habar berýär.
Onda 1063-nji ýyldan 1072-nji ýyla çenli höküm süren Seljuk döwletiniň
ikinji soltany barada gürrüň berilýär. Alp-Arslan Wizantiýany ýeňip, Ermenistany,
Gruziýany we Kiçi Aziýanyň bir bölegini basyp aldy.
Täze seriýal – "Oýanyş: Beýik Seljuklar" seriýalynyň dowamydyr.
Prodýuserler bu köp bölümli kinofilmi üç möwsüm düşürmegi meýilleşdirýärler.