25-26-njy awgustynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri
Şah Mahmud Kureşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy
geçirildi.
Taraplar iki döwleti dostluk we wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklaryň
baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-
Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň,
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik
geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde
durmuşa ornaşdyrylmagynyň resmi Yslamabat tarapyndan goldanyljakdygy
tassyklanyldy.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky
ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar
Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan
halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň
gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň ozalky tejribeleriniň nazarda
tutulmagy bilen, sebitleýin dialogyň döredilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Şunlukda türkmen tarapy Owganystan boýunça sebitleýin hereketleriň ösüş
prosesiniň barşynda özüniň bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine berk
ygrarlylygyny beýan etdi.