“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere
gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow
Ahal welaýaty;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç
Berdimuhamedow Balkan welaýaty;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew
Daşoguz welaýaty;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap
welaýaty;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Mary
welaýaty;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç
Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler
