«Aý şöhlesindäki älemgoşar» çüwdürimi ýa-da ýönekeý "älemgoşar
çüwdürimi" – häzirki zamanyň iň üýtgeşik çüwdürimlerinden biri we Ginnesiň
Rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan tassyklanan dünýädäki iň uzyn
çüwdürim köprüsidir.
Çüwdürimiň resmi açylyşy 2009-njy ýylyň maý aýynda bolup geçdi.
Uzynlygy 1140 metr bolan köpriniň 9,380 sany burny bar – güýçli suw sorujylaryň
kömegi bilen derýadan sorulýan suwlary pürküji. 190 yşyk-diodly lampalar
yzygiderli reňkini üýtgedýär we suwy her dürli açyk reňklere öwürýär,hut şol
sebäpden hem çüwdürim- köprüsinde «Aý şöhlesindäki älemgoşar» diýen at
dakyldy.