Delft Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary plýaacheslary we beýleki
köpçülik ýerlerini çilim gabyndan arassalamak üçin niýetlenen robot hödürlediler
diýip,"Ýewropuls" habar berýär.
BeachBot – bu gumdaky ownuk galyndylary tapyp bilýän, emeli intellekti
bolan doly awtomatiki enjamdyr.Enjam, köplenç kenarlara taşlanýan, meselem,
çilim galyndylary ýaly galalary, anyklamak üçin şekil tanamak programma
üpjünçiligini ulanýar.
Şeýle hem, gurnaýjylar robotyň okamagyna kömek etmek üçin programma
döretdiler.Haçanda ol zibiliň görnüşine şübhelenen wagtlarynda, zibili surata
düşürýär we ol surat programma ýüklenýär. Ulanyjylar, tapylan galyndylary
toparlara bölmek üçin maşyna kömek edip bilerler.
BeachBot eýýäm birnäçe kenarlarda işleýär.Geljekde, işläp düzüjile, enjamyň
yzygiderli önümçiligini ýola goýmagy umyt edýärler.
Gollandiýada kenarlary arassalamak üçin ýörite robot oýlap tapyldy
