Sibir federal uniwersitetiniň alymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde
adam bedenine, krizisiň aralaşmagyny öňünden görmäge mümkinçilik berýän
matematiki usuly oýlap tapdylar.
"Izwestiýa" neşiriniň ýazmagyna gorä, barlagçylar korrelýasiýa
adaptometriniň ähliumumy usulyny hödürlediler. Onuň kömegi bilen, biologiki we
sosial ulgamlaryň daşky gurşawyň stresli faktorlaryna uýgunlaşýan döwründäk
ýagdaýyna baha bermek bolar.
Alymlaryň sözlerine görä, bu usulyň artykmaçlygy – krizisden öňki ýagdaýy
öňden görmegi, takyk hasaplamak ukybydyr. Bu artykmaçlyk krizisiň öňüni
almaga ýa-da onuň ýetirjek zyýanlaryny azaltmaga kömek eder.
Bu usulyň awtorlary, stresiň mundan beýläkki ösüşini we oňa uýgunlaşmagy
has takyk kesgitlemek üçin korrelýasiýa grafikleri ideýasyny işläp düzdüler.
Täze usulyň diňe bir adamlar üçin däl, eýsem beýleki çylşyrymly uýgunlaşma
ulgamlary üçin hem amatlydygyny bellemelidiris.