Bilşimiz ýaly, COVID-19 keseli köplenç asgyrmak, üsgürmek we gürlemek
arkaly ýaýraýar, hünärmeniň sözlerine görä, şeýle ýagdaýlarda, örtük dakynmak
ýokaşma ähtimallygyny peseldýär.
Lukmanyň aýtmagyna görä, örtük ýokançlykdan gorap bilýär, sebäbi tüýkülik
bölejikleri, ýüze dakylýan örtügiň gurluşyndan has uludyr. “Wirusyň özi
ganatlarda uçmaýar, ol esasan aerozol serişdeleri tarapyndan, örtükdäki
gözeneklerden has uly damjalar arkaly ýokaşýar, şol sebäpden dogry ulanylan
ýagdaýynda şahsy gorag serişdeleriniň täsiri şübhesizdir. Köplenç ýagdaýda,
örtükler we dem alyş serişdeleri koronawirus keseli ýokuşan hassadan goraýar,
üsgülewük, asgyrmak we gürlemek wagtynda aerozolyň ýaýramagyny mehaniki
taýdan haýalladýar "-diýip alym gürrüň berdi.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Alymlar ahyrsoňy örtügiň COVID-19-dan goramaga kömek edip- etmeýänligi baradaky karara geldiler