Parižde Žanna Darkyň heýkeliniň ýanynda, sowadyş ulgamy bolan oturgyç
oturdyldy diýip,"Ýewropuls" habar berýär.
Daşardaky temperatura 25 dereje ýetende ulgam işjeňleşýär we
töweregindäki boşlugy sowadýar.
Bu proses tebigy ýagdaýda amala aşyrylýar – ýakyndaky Parižiň
katakombalardan salkyn howanyň sorulmagy arkaly amala aşyrylýar. Bu ýer
gadymy Rim karýerleriniň ýerleşýän ýerinde takmynan 1,5 kilometr
uzynlygyndaky ýerasty tunelleriň ulgamy. Olar 20 metr ýeriň aşagynda
ýerleşýärler. Ol ýerdäki temperatura 14 derejeden geçmeýär, bu bolsa ol ýeri
salkyn howanyň ajaýyp çeşmesine öwürýär.
Oturgyç daşdan ýasalan, uzaldylan we birneme egreldilen. Gapdalda howa
çalşygy mehanizminiň ýerleşýän açyklyklary bar. Olar ýörite temperatura
datçikleri bilen işjeňleşdirilýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Fransiýadaky gözel ýerleriň biriniň golaýynda sowadyjy oturgyç oturdyldy
Fransiýadaky gözel ýerleriň biriniň golaýynda sowadyjy oturgyç oturdyldy
