Ýokary gan basyş – örän çynlakaý meseledir. Köplenç ýagdaýda bu meseläni
dermanyň kömegi bilen çözmäge synanyşýarlar. Ýöne, görnüşe görä, ýagdaýy
başga ýollar bilen hem ýeňilleşdirmegiň usuly bar.
"SM-Klinikanyň" kardiology Ýekaterina Sawçenko, derman ulanmazdan gan
basyşyny nädip peseltmelidigi baradaky maslahatlary bilen paýlaşdy. Onuň
sözlerine görä, ýokary gan basyşy bolan adamyň ýagdaýyny, otagdaky penjireleri
açmak we otagy şemallaşdyrmak arkaly gowulaşdyrmak mümkindir diýip, Praým
habar berýär.
Şeýle hem dar eşikleri çykarmaly ýa-da kese ýagdaýda ýerleşmeklik hem
kömek eder. Üstesine, soňky ýagdaýda kelläniň birneme ýokarda bolmagyny üpjün
etmeli.
Şol bir wagtyň özünde Sawçenko sanap geçen usullarynyň derman bilen
bejerginiň ýa-da lukmana baryp görünmegiň ýerini tutmaýandygyny aýtdy. Bu
usullar diňe, gipertoniýanyň alamatlaryny ýeňilleşdirmek üçin niýetlenendir.