Aýowa ştatynda ýaşaýan tupan awçysy Jordan Swift tebigatyň iň ajaýyp
bulutlaryndan birini – kenar ýaka bulutlaryny surata düşürmegi başardy.
Marşaltaun şäheriniň golaýynda düşürilen suratda, adatdaky ýaly bir bulut
tolkuny däl- de, birbada üçüsi görünýär.
Kenar ýaka bulutlary adatça aşaky atmosferada emele gelýär. Olar uly
buludynyň öňünde çykýarlar, şonuň üçin meteorologlar käwagt, olara "polk" diýip
atlandyrýarlar. Bu bulutlar tupanyň öň tarapynda we gaty çalt hereket edýärler, bu
bolsa olary howply görkezýär.
Kenar ýaka bulutlary köplenç tupan ýa-da güýçli ýyldyrym başlanda ýüze
çykýar.