Ady birmeňzeş bolan döwletiň paýtagty Tunis şäheri, kosmosdan seredeniňde
mämişi çyralaryň inçe toruna meňzeýär.
HKS-den alnan Ortaýer deňzi şäheriniň aýdyň suratyny, fransuz kosmonawty
Toma Peske paýlaşdy. Şäheriň merkezinde iki sany gara menek görünýär – bu
kenarlarynda şäher gurulan Tunis we Sejumi köli.
Ondan öň Peske, Kann kenarlarynyň orbitadan nähili görünýändigini
görkezdi. Napula aýlagyndaky köp sanly ýahta we gaýyklary kosmosdan hem
görmek bolýar.