Energy Vault kompaniýasy, ilkinji grawitasiýaly energiýa toplaýjyny gurmak
üçin serişdeler aldy. Birinji gurnamany, ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da guryp
başlarlar. Geljekde olar Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Awstraliýada peýda
bolar.
Gurluş, alty okly, awtomatiki diňli kran görnüşde ýasalan. Islendik taşlanan
hapalardan, 35 tonnalyk bloklar ýasalýar we soňra ýokarlygyna galyp gidýär. Bu
amalyň netijesinde ätiýaçlyk energiýa saklanýar
Mundan başga-da, bloklary beýiklige çykarýan kranyň elektrik
hereketlendirijilerine gidýän günüň ýa-da ýeliň energiýasy ýygnalýar. Ýagny,
gurnama doly özbaşdak işläp biler. Beýikligi ýetenden soň, bloklar grawitasiýanyň
täsiri astynda ýere düşürilýär. Bu elektrik generatorlarynda elektrik öndürmek
prosesine başladýar
ABŞ-da grawitasiýa akkumulýatorlary dörediler
