Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň Genomika we bioinformatika
merkeziniň alymlary COVID-19 garşy iýilýän sanjymy döretdiler. Munuň üçin
olar, pomidor ulandylar.
Döredijileriň sözlerine görä, keseliň öňüni almak üçin pomidor iýmek
ýeterlikdir. Aşgazanda onuň öýjükleri dargaýar we antigen emele getirýär. Bu
derman Özbegistanda tapylan koronawirusyň esasynda döredildi. Alymlar
koronanyň bir bölegini klonlaşdyrdylar we ösümlik öýjügine ornaşdyrdylar. Synag,
sanjymyň hakykatdanam ösümlik öýjüklerinden çykýandygyny görkezdi.
Bu häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan ýeke-täk iýmit görnüşdäki keseliň
öňüni alyş sanjymy däl. Mysal üçin, häzirki wagtda Sankt-Peterburgda süýt-turşy
bakteriýalaryna esaslanýan derman barlanýar.