Gynansagam, biziň köpümiz, hiç wagt kosmosa gidip bilmeris. Şeýle-de
bolsa, wirtual hakykatyň kömegi bilen, onuň nähili duýgudygyny bilmek
mümkinçiligimiz bar.
Bu ýerde gürrüň, Space Explorers immersiw seriýal barada gidýär: Felix &
Paul Studios studiýaşy tarapyndan döredilen The ISS Experience. Hünärmenler
wirtual hakykat kamerasyny Canadarm2 robotyna berkitmek üçin kamerany
özleşdirdiler. Şeýle etmek bilen olar, Halkara kosmos stansiýasynyň daşynyň 360
derejeli şekilleri alýarlar.
Kamerada dokuz sany surat datçigi bar, bilelikde olar 8K durulykdaky
suratlary düşürip bilerler. Kamera, agyr şertlere şol sanda, ultramelewşe şöhlesine,
aşa gyzgynlyga we mikro-täsirlere garşy durmak üçin üýtgedildi. Hünärmenler
topary kamerany, stansiýanyň daş tarapyndan aýlanýan, robotlaşdyrlan Canadarm2
goluna dakdy.
Kosmosdan wirtual mazmunly seriýal, güýzde / gyşda Rift, Quest we Quest 2
gulaklyklary üçin elýeterli bolar.
Wirtual äýnek kosmosda uçmagyň nähilidigini görkezer
