Has öndürijilikli Android-smartfonlarynyň sanawyna Snapdragon 888+ prosessorynda gurnalan täzelikler girýär. Awgust aýynyň reýtingi meşhur AnTuTu görkezijisi tarapyndan neşir edildi.

Reýtingiň lideri, görkeziji boýunça 864 614 bal toplap, Snapdragon 888-e esaslanýan oýun smartfony Xiaomi Black Shark 4 Pro bolup galýar. Täze Snapdragon 888+ bilen iQOO 8 Pro iň az yza galmak bilen ikinji ýeri eýeledi. Öňdebaryjylaryň onlugyny diňe ýokarky Qualcomm platformasyna esaslanýan smartfonlar düzýär.

Orta segmentde 530,657 bal toplan, 5nm Snapdragon 780G esasly, Xiaomi 11 Youth Edition öňde barýar. Ýöne bu segmentde has köp dürlilik gözegçilik edilýär – sanawa MTK we HiSilicon-dan çipleri bolan smartfonlar girýär.

Ýarymgeçiriji önümler bilen baglanyşykly meseleler täze modelleriň bazara çykmagyna täsir edip biler, bu bolsa ýakyn aýlarda öndürijilik öňdebaryjylygynyň bolmazlygyny aňladýar.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam