Tesla iň elýeterli bolan – Tesla Model 3 – awtoulagyň bahasyny ýokarlandyrmagyny dowam etdirýän wagtynda, rekord derejede arzan bahaly elektrik ulaglaryny çykarýan öndürijiler bar.
Şeýle ulaglaryň biri electricKar K5 bolup durýar. Bu elektrikli awtoulag ýakynda satuwa çykdy we “meşhur” bolmak üçin ähli mümkinçilikleri bar.
Täze ulagyň bahasy – 2100 dollar. Bu baha bilen alyjylar 2,2 × 1,09 × 1,62 m ölçegli kiçijik awtoulag alýarlar diýip 91Mobiles ýazýar. Şol bir wagtyň özünde, 2,7 kWt göwrümli batareýa arkaly, bir gezekli zarýad bilen 66 km aralygy geçip bilýär.
Batareýany zarýady bilen doldurmak üçin 8 sagat töweregi wagt gerek. Şol bir wagtyň özünde, electricKar K5 sagatda 40 km tizlikde gitmäge ukyply.