Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda birnäçe meseleler bilen bir hatarda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyza iş maslahatynda, paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada durup geçildi. Hususan-da, paýtagtymyzda, Köpetdagyň gözel künjeginde gurluşygy alnyp barylýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize birnäçe şekil taslamalary görkezildi.

Şeýle hem şöhratly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň alnyp barlyşyna, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki, bezeg we ekologiýa taraplaryny göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Bina edilýän desgalar Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr, bu ýerde ozal gurlan binalar, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan wezipeleriň innowasion esasda, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň, dünýäniň hem-de ýurdumyzyň iň oňat tejribesiniň işjeň ulanylmagy bilen çözülmegine gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

 1-nji ýyl talyby Garryýew Garýagdy