AnTuTu bençmarky Android operasiýa ulgamynda işleýän iň gowy flagman
smartfonlaryň täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Täzelenen reýtingde birinji orny “Black Shark 4 Pro” oýun smartfony eýeledi.
“Snapdragon 888” çipi, 16 GB RAM we 512 GB içerki ýat bilen enjamlaşdyrylan
bu smartfon işleýşi boýunça geçirilen synagda, takmynan, 864 614 bal gazandy.
"IQOO 8 Pro" bolsa ondan 20 müň bal az gazanyp, ikinji setirde ýerleşdi. Bu
smartfon hem "Snapdragon 888" flagman prosessory bilen tapawutlanýar.
Üçünji orny “Tencent Red Magic 6 Pro”-nyň oýun wersiýasy eýeledi. Ol
bençmarkda jemi 829 331 bal gazanmagy başardy. Şeýle hem sanawda "OnePlus 9
Pro", "OPPO Find X3 Pro", "realme GT", "Xiaomi Mix 4" we "vivo X60 Pro +"
smartfonlary hem orun aldy.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam