Zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynyň final duşuşygynda
Serbiýanyň we Italiýanyň milli ýygyndy toparlary duşuşdylar. Final oýnunda
Italiýanyň milli ýygyndysynyň 1:3 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy (26:24,
22:25, 19:25, 11:25). Bu barada matchtv.ru habar berdi.
Finala barýan ýolda serbler wengerleriň (3:0), fransularyň (3:1) we türkleriň
(3:1) zenanlar ýygyndylaryny ýeňip geçdiler. Italýanlar bolsa belgiýaly (3:1),
russiýaly (3:0) we niderlandly garşydaşlaryny (3:1) ýeňmegi başardylar.
Çempionat Serbiýada, Bolgariýada, Horwatiýada we Rumyniýada geçirildi.
Üçünji ýeri bürünç medaly eýelemek ugrunda geçirilen oýunda niderlandly
woleýbolçy zenanlary 3:0 hasabynda ýeňen türk topary eýelemegi başardy (25:20,
25:19, 25:23).
Ýeri gelende belläp geçsek, mundan öňki Ýewropa çempionatynda
Serbiýanyň milli ýygyndysy ýeňiji bolupdy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Italiýa zenanlaryň woleýboly boýunça Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy
Italiýa zenanlaryň woleýboly boýunça Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy
