Dünýäde demensiýa bilen ýaşaýan adamlaryň sany 2050-nji ýyla çenli häzirki
55 milliondan 139 milliona ýetip biler diýlip, Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada www.rbc.ru belleýär.
“BSGG-niň hasaplamasy boýunça, demensiýa keselinden 55 milliondan
gowrak adam (65 ýaşdan uly zenanlaryň 8,1%-i we erkekleriň 5,4%-i) ejir çekýär.
2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 78 milliona, 2050-nji ýyla çenli 139 milliona
ýetmegine garaşylýar” – diýlip, habarda aýdylýar. Şeýlelik bilen, 2050-nji ýyla
çenli demensiýaly adamlaryň sany 152% ýokarlanar.
Hasabatyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda bütin dünýäde
demensiýa sebäpli ýüze çykan maýyplyk bilen bagly çykdajylara we şeýle
diagnozy bolan adamlaryň saglygyny goramaga 1,3 trln dollar sarp edildi. BSGG-
niň çaklamasy boýunça, bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli 1,7 trln dollar we 2050-
nji ýyla çenli 2,8 trln dollar bolar.
Demensiýa ýadyň, pikirlenişiň we özüňi alyp barşyň ýaramazlaşmagyna
getirýän sindrom bolup, adam gündelik hereketlerini ýerine ýetirmek ukybyny
ýitirýär. Kesel, ilkinji nobatda, garry adamlara degýär, ýöne garramanyň hökmany
netijesi hasaplanmaýar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri BSGG demensiýaly adamlaryň sanynyň 2050-nji ýyla çenli 152% ýokarlanjakdygyny çaklaýar
BSGG demensiýaly adamlaryň sanynyň 2050-nji ýyla çenli 152% ýokarlanjakdygyny çaklaýar
