Ilon Mask Teslanyň işini giňeltmäge çynlakaý çemeleşýär. Kompaniýa eýýäm
özüniň dürli görnüşli önümleri öndürýändigini bilen dünýä jemgyýetçiliginiň
ünsüni özüne çekdi. Indi bolsa ol bu işi hasam giňeltmäge çalyşýar diýip, msn.com
habar berýär.
"TechCrunch"-yň berýän maglumatyna görä, awtoulag öndürýän kompaniýa
indi elektrik energiýasynyň üpjünçiligi bilen meşgullanmakçy bolýar. Şunuň bilen
baglylykda, kompaniýa eýýäm ABŞ-nyň Tehas jemagat hyzmatlary kärhanasyna
degişli arza bilen ýüz tutdy. Hatda Işiň täze görnüşi üçin aýratyn kömekçi
kompaniýa “Tesla Energy Ventures” hem bölünip berler diýip, çeşme belleýär.
Eger-de komissiýa Ilon Maskyň kompaniýasynyň arzasyny kanagatlandyrsa,
onda ol elektrik energiýasyny başga öndürijilerden lomaý satyn alyp, gönüden-
göni müşderilere satyp biler. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Tehasda şeýle
kärhanalaryň 100-e golaýy işleýär.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam