Amerikaly lukmanlar bir günde näçe ädimiň saglyk üçin peýdalydygyny
aýtdylar. Muny 13 ýyl dowam eden gözleg görkezdi.
Alymlar 38 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky 2110 adamy synladylar. 2005-2006-
njy ýyllarda gatnaşyjylar bir hepdäniň dowamynda her gün billerine akselerometr
geýdiler. Bu, fiziki işjeňligiň derejesini ölçemäge kömek etdi. Gözlegçiler munuň
netijesinde, gatnaşyjylaryň bir günki, ortaça ädim sanyny hasapladylar. Netijede
adamlary üç topara böldiler: pes fiziki işjeňlik (günde 7000 ädimden az), ortaça
fiziki işjeňlik (günde 7000-9999 ädim) we ýokary fiziki işjeňlik (günde 10,000
ädimden gowrak). Soňra adamlara köp ýylyň dowamynda syn edildi.
Görşümiz ýaly, ýokary we orta derejeli fiziki işjeňligi bolan gatnaşyjylaryň,
pes fiziki işjeňlikleri bolan gatnaşyjylara garanyňda,ölüm howpuny döredýän ähli
sebäpleriň ep-esli pesdigi anyklandy.Ýagny, günde 7000 ýa-da ondan köp ädim
ätmek ýeterlikdir.