Çaýlaryň we dürli otlaryň ýygyndysynyň kömegi bilen diňe bir öňüni alman,
eýsem keselleriň köpüsini bejerip hem bilersiňiz. Şoňa görä-de, hünärmenler çaýyň
ömrüň dowamlylygyna edýän täsirini hem derňeýärler.
Hünärmenler, ömri uzaltmak we özüňi duýşuňy gowulaşdyrmak üçin iň
gowy içgi, greçiha çaýy diýip, hasaplaýarlar. PubMed neşirine salgylanýan çeşmä
görä, greçiha esasy metabolik proseslere we öýjükleriň täzelenmegine täsir edýän
elementleriň toplumyny öz içine alýar. Ýöne hünärmenler, böwrekleri arassalamak
we gandaky şekeriň derejesine gözegçilik etmek, greçiha çaýynyň iň möhüm
aýratynlyklarynyň biri diýip hasaplaýarlar.
Gözlegde greçiha çaýynyň, böwrekleriň işini durnuklaşdyrýandygyny we
genitourinariýa ulgamynyň keselleriniň ösmeginiň öňüni alýandygy anyklandy.
Şeýle hem, greçihadaky maddalaryň köpüsiniň glýukoza bilen baglanyşýandygy
we ganyň derejesini kadalaşdyrýandygy habar berildi.
Ömri uzaltmak üçin iň oňat çaý aýdyldy
