Xiaomi kompaniýasy, smartfon ulanyjylaryny zyýanly programmalardan
gorap biljek täze aýratynlygy synap görýär. MIUI Pure Mode režimi barada,
IThome tarapyndan habar berilýär.
Öndürijiler, MIUI ulanyjylary tarapyndan gurnalan programmalaryň 40
göteriminiň hiç haçan Xiaomi gurallary bilen howpsuzlyk barlagyndan
geçmändigini çaklaýar. Bularyň takmynan 10 göterimi kompaniýa tarapyndan
howply toparlara bölünýär.
Xiaomi smartfonlaryny ulanyjylary üçin täze funksiýa, bu meseläni çözüp
bler. MIUI Pure Mode režimi ýakylanda, diňe bir daşarky çeşmelerden alynan
programmalar gurnamak blokirlenmän, telefonyň eýesiniň habary bolmazdan
islendik fon gurnamasy hem bloklirlenýär.
Häzirlikçe, bu funksiýa MIUI 12.5-iň hytaý wersiýasynda synagdan
geçirilýär, ýöne ýakyn wagtda Xiaomi smartfonlary üçin global programma
üpjünçiligini ulanyjylar üçin elýeterli bolar.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam