ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň alymlary ýaşlygy saklamak, boýunça täze
barlaglar geçirdiler. Şeýlelik bilen, olar adamlarda ýok bolan haýsy endikleriň
ýaşlygy "öldürip" biljekdigini anykladykar.
Hünärmenleriň sözlerine görä, adamyň ýaş wagtyndaky fiziki taýdan
işjeňsizlik, adamyň daşky görnüşine we garrylykdaky saglygyna çynlakaý täsir
edip biler. Mundan başga-da, köplenç hereketsiz ýaşlar ähli organlaryň
öýjükleriniň dolulygynyň bozulmagyna duçar bolýarlar.
Şol bir wagtyň özünde alymlar süýjili gazlandyrylan suwlary we dürli
süýjülikleri köp iýmek hem ýaşlygy "öldürýär" diýip tassykladylar. Edil şular ýaly
ukusyzlyk bilen yzygiderli stres hem öz täsirini ýetirýär.
Gan aýlanyş ulgamynyň garramagyny, çilim çekmek we alkagolly içgileri
içmek ýaly endikler hem çaltlaşdyrýar. Bu bolsa,ýokarda sanalyp geçilen zyýanly
endikleriň hemmesini ret etmek, bedeniň uzak wagtlap saglykly ýaşamagyna
mümkinçilik berjekdigini aňladýar.