Gözlegleriň dowamynda amerikaly alymlar häzirki wagtda möwj
alýan koronawirusyň ähli ştamlaryna garşy durup bilmäge ukyply
antikorlary tapdylar. Biz SARS2-38 antikorlary hakda aýdýarys.
COVID-19 yzygiderli üýtgäp durýar, sanjymlara garşy güýçli we
immunitetiň goranyp bilmeýän, täze ştamlary ýüze çykýar. Gözlegleriň
dowamynda Amerikaly alymlar, organizmiň immun ulgamynyň,
koronawirusa garşy söweşine gatnaşýan, antikorlaryň 40 görnüşini
öwrendiler. Olaryň arasynda iň aktiwleri saýlandy, soňra bolsa SARS2-38
antikorlarynyň ähliumumydygyny we islendik ştammyň ösüşini
togtatmaga ukyplydygyny görkezýän başga bir barlag geçirildi.
Geljekde bu antikorlaryň esasynda koronawirusa garşy sanjymlar we
dermanlar döretmek meýilleşdirilýär. Alymlaryň arasynda SARS2-38
antikorlaryny "aýlanyp geçip" bilýän ştamlaryň geljekde peýda bolup
biljekdigi ýa-da ýokdugy barada henizem ylalaşygyň ýokdugy
bellenilýär.
ABŞ-da adamlary koronawirusyň ähli görnüşlerinden goramagyň usulyny tapdylar
