Alymlar 74 müň gatnaşyjy bilen barlag geçirdiler, insult we beýni işemiýsy
howpuny azaltmak üçin haýsy maňyz we düzüminde maňyz bolan önümleri
ulanmalydygyny anykladylar.
Bu gözlege 45 ýaşdan 74 ýaş aralygyndaky ýaponiýalylar gatnaşdy. Ilkibaşda,
olaryň hiç birinde, ýürek we gan damarlarynyň işi bilen baglanyşykly kynçylyk
ýokdy. Olara 15 ýylyň dowamynda syn edildi. Netijede, takmynan 3,6 müň insult
we beýni işemiýasy hasaba alyndy.
Gözlegçiler, beýnidäki gan damarlary bilen baglanyşykly kynçylyklaryň
döremeginiň ähtimallygynyň, adamlaryň arahis we arahis esasly iýmitleriň näçe
iýendigine baglydygyny gördüler. Insult töwekgelçiligini 16%, beýni işemiýasyny
20% azaltmak üçin günde takmynan 4-5 däne iýmek ýeterlikdir. Umuman, ýüregiň
we gan damarlarynyň işi bilen baglanyşykly kynçylyklar 13% azaldy. Bu erkeklere
we aýallara degişlidir.