“Hubbl” kosmos teleskopy, Akmaýanyň ýolunyň merkeziniň golaýyndaky,
Ýylangoteriji ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän ESO 520-21 (Palomar 6) şar
görnüşli üýşmegi surata düşürdi.
Bu sebitde, ýyldyzlararasy tozanyň we gazyň köp bolanlygy sebäpli, üýşmek
bolmaly görnüşinden üýtgeşik görünýär. Gaz we tozan ýyldyz şöhlelerini
dargadýar we ol käbir ýagtylyk tolkunlarynyň uzynlygyna beýlekilere garanyňda
has köp täsir edýär. Bu, käbir ýyldyzlaryň hakykatdakysyndan hem, has gyzyl
görkezýär. Astronomlar bu hadysany ýyldyzlararasy gyzarmak diýip
atlandyrýarlar.
Ýeriň atmosferasynda şuňa meňzeş täsir, Günüň gorizonta ýakynlaşanda
gyzarmagy bilen düşündirilýär.
«Hubbl» ýyldyzlaryň «gyzarmagyny» surata düşürdi
