Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllardynda ýetilen
sepgitler barada durup geçdi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşyndan
Diýarymyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri:
 Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň
ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň möçberi 200 milliard
amerikan dollaryndan hem geçdi. Bu serişdeleriň 60 göterimden hem
köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.
 Häzirki döwürde Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna
Türkmenistanyň maliýe taýdan durnukly ösüşi saklanýar.
 Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 43
milliard 800 million manat gönükdirildi we özleşdirildi.
 Häzirki döwürde ýurdumyzda 91 hassahana, 153 saglyk öýi we merkezi,
85 medeniýet öýi, 370 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 529 orta
mekdep, 117 sport mekdebi, 86 sany sport desgasy, 7 müň kilometre
golaý awtomobil ýollary guruldy.
 Bulardan başga-da, umumy meýdany 42 million inedördül metre golaý
ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, köp sanly beýleki durmuş maksatly
taslamalar amala aşyryldy.
 Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan
dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy
alnyp barylýar.
 Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30
desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdyr. Ýöne, mähriban
halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar —
sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509
müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
 Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý
toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
 Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy.
 «Fitch Ratings» halkara agentligi biziň ýurdumyza «B+durnukly»
derejäni berdi. Şeýle derejäniň alynmagy ykdysadyýetimiziň depginli
ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.