“Google” kompaniýasy Afrikada has çalt we elýeterli interneti üpjün etmek hem-de Afrikadaky telekeçiligi goldamak üçin 5 ýylyň dowamynda 1 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bütindünýä bankynyň habaryna görä, internetiň ygtybarlylygy materigiň iň möhüm meselelerinden biridir.
“Google” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bu çäreleriň soňky ýyllarda uly üstünlikler gazandyklaryny, emma internetiň her bir afrikaly üçin elýeterli we peýdaly bolmagy üçin has köp iş edilmelidigini aýdýarlar. Maýa goýumlary, esasan, Günorta Afrikany, Namibiýany we Nigeriýany Ýewropa birikdirjek “Equiano” suwasty kabelini çekmek bilen baglanyşykly infrastrukturany ösdürmäge gönükdiriler.
“Google” ozal, takmynan, 10 million ýaş afrikalylara we kiçi telekeçilere sanly başarnyklary öwretmek başlangyjy bilen hem çykyş edipdi.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.