Birleşen Arap Emirliklerinde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrda «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlady. Bu barada “atavatan-turkmenistan.com” saýty habar berýär. Şeýle abraýly foruma dünýäniň 190-dan gowrak ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar.

Bu halkara sergisine gatnaşmaklyk Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüş depginini hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem ýerli tehnologiýalary, harytlary we hyzmatlary daşaky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

Biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy «Ykjamlyk» mowzuklaýyn bölüminde ýerleşýär. 9-njy oktýabr güni tutuşlygyna Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini, şol sanda nebit-gaz toplumynyň gazananlaryny görkezmeklige bagyşlanar.

Sergi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hereket eder.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.