Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň iň ýokary hem-de abraýly sylaglarynyň biri bolan Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edilýär. Lukmançylyk we fizika ugrundan soňra himiýa boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan alymlar belli boldy. Olar – Benýamin List we Dewid Makmillandyr. Olar asimmetrik organiki kataliziň ösüşi boýunça bu baýraga mynasyp boldular. Bu usul täze dermanlaryň işlenip düzülmeggine ep-esli derejede täsir etdi we himiýany ekologiýa taýdan arassa bolmagyna getirdi.

Deýwid Makmillan iňlis-amerikan himigi, häzirki wagtda Prinston uniwersitetinde (ABŞ) işleýär. Benýamin List bolsa, Maks Plank kömür gözleg institutynyň nemes himigi. Bularyň ikisi-de, biri-birine garaşsyzlykda 2000-nji ýylda asimmetrik organiki kataliz usulyny işläp düzdüler.

Nobel baýragyna maynasyp bolan ýeňijileriň sylaglary 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan güni gowşurylýar. Onlaýn tertibinde geçiriljek dabarada ýeňijilere medal we diplom bilen 10 million kron möçberinde pul sylaglary berler.

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.