Royal Caribbean’s kompaniýasynyň, dünýädäki iň uly kruiz gämisi Wonder
of the Seas ulanylmaga bermäge taýyn diýen ýaly. Ähli gurluşyk işleriniň, şeýle
hem zerur bolan barlaglaryň, synaglaryň we ýöreýşini synamaklyk işleriniň eýýäm
tamamlanandygy, diňe ownuk bejergi işleriniň we bezeg işleriniň galanlygy habar
berildi.
Gäminiň uzynlygy 362 metr we ini 64 metr bolup, ol 6988 myhmany we
2300 ekipaž agzalaryny kabul edip biler.
Wonder of the Seas ilkinji syýahatyna 2022-nji ýylyň 4-nji martynda ( ABŞ,
Florida) Fort Loderdeil portundan Karib adalaryna, soňra bolsa tomus gezelençleri
üçin Ýewropa ugrar. Maý aýynda Wonder of the Seas Barselona we Rimden,
Ortaýer deňziniň üsti bilen Palma- de-Maýorka (Ispaniýa) we Kapri (Italiýa) ýaly
ugry bilen, ýedi günlük gezelenje gider.

Laçyn NARMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby