Arhitektura saýty archcy.com, yzygiderli 11 ýyl bäri ýurduň gelşiksiz
binalaryny kesgitlemek üçin ýaryş gurnaýar. Bu ýyl gatnaşyjylaryň arasynda – 87
binagärlik gurluşy bar. Bu barada TJ tarapyndan habar berilýär.
Archcy.com saýtynyň bu bäsleşiginiň esasy maksady – Hytaý
häkimiýetleriniň, "binagärleriň köpçüligiň öňündäki" jemgyýetçilik
jogapkärçiligine, ünsüni çekmek. Mundan öň, şu ýylyň aprel aýynda Hytaýyň
Milli Ösüş we Özgertme Geňeşi "gelşiksiz binalaryň" gurluşygyny gadagan edýän
maksatnamany işe girizdi. Şol bir wagtyň özünde, bu düşünje barada takyk
kesgitleme bermedi. Bu başlangyç sosial ulgamlarda goldadylar –
#BanningUglyArchitecture heştegi şeýle peýda boldy.
Saýty döredijiler iň oňat arhitektura tankytçylary we kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlyk edýärler. Iň gelşiksiz, binalaryň adyna , dalaş edýänleriň sanawyna,
matrioşka görnüşindäki myhmanhana, "Jähenneme hoş geldiňiz" atly aýna köprüsi
we ş.m. girýär.