Ýewropa kosmos agentliginiň (ÝKA) habaryna görä, BepiColombo kosmos
zondy Merkuriýiň üstündäki ilkinji suratyny iberdi.
Bilelikdäki Ýewropa-Ýapon BepiColombo missiýasy, Merkuriýiň bu
görnüşini, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kosmos gämisi planetanyň üstünden
uçup barýan wagtlarynda surata düşürdi" -diýip, pres-relizde aýdylýar.
Surat UTC wagty bilen 23:44-de düşürildi, şol wagt zond Merkuriýden 2418
km uzaklykda ýerleşýärdi. Ondan, on minut öň, enjam takmynan 199 kilometr
uzaklykda planetanyň golaýyna baryp bildi.
1024-den 1024 piksel durulykdaky gara we ak şekilli suratda, Kalwino we
Lermontow kraterleriniň ýerleşýän ýeri bolan Sihtu düzlügi, Merkuriniň
demirgazyk ýarym şarynyň bir bölegi şekillendirilen.
Ogulnur GÜJIKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby