Endokrinolog-lukmany Zuhra Pawlowanyň sözlerine görä, bu görnüşdäki
iýmitleriň düzüminde uglewodlar, glýukoza we fruktoza bar. Şol sebäpli, miweleri
aşa köp iýmeklik, adamy bagyr keseline duçar edip biler.
Miweleri böleklere bölüp iýmeklik, meseleleriň öňüni alyp biler. Şeýle hem,
miwäniň gündelik iýmitdäki mukdaryny ortaça derejä ýetirmek hem peýdaly bolar
diýip, Sputnik radiosy, hünärmeniň sözlerine salgylanyp, habar berýär.
Lukman, glýukozanyň, insuliniň täsiri bilen beden tarapyndan "gaýtadan
işlenýändigini" düşündirdi. Bu birleşmäniň netijesinde energiýa öwrülýär we has
möhümi bolsa, ätiýaçlyk ýaglaryna öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde, ähli
fruktoza bagyr beloklary tarapyndan gurşap alynýandygyna düşünmek möhümdir.

Gülnabat ELÝASOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby