Şwesiýanyň Göteborg şäherinde tötänleýin geçip barýanlara gürrüňdeşlige
başlamaga we ony dowam etdirmäge kömek edýän oturgyçlar peýda boldy diýip,
"Ýewropuls" habar berýär.
Olaryň esasy aýratynlygy – oturgyjyň arka tarapyndaky "aldaw
sahypalarynda": olarda öz gürrüňdeşiňe berip bolaýjak ýazmaça soraglar ýazylan
we utanjaň adamlar üçin, özleri hakda gürleşip başlamagyna kömek edip biljek
maslahatlar bar.
Bu maksatnama, gözlegiň netijelerine esaslanyp başlandy: maglumatlara görä,
pandemiýa döwründe Ýewropaly ilatyň 22-den 26 göterimine çenli özlerini ýalňyz
duýup başladylar.
Açyk sary reňkli tutalgasy bilen tanap boljak oturgyçlar, ýalňyzlygy başdan
geçiren adamlar, şeýle hem aragatnaşyk kynçylyklary bolan adamlar üçin
durmuşyny gowulaşdyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar.

Mährigözel ÝALKABOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby