Maltanyň Rabat obasynda pyýadalar üçin ýollaryň ýerleşýän ýerinde, 40 sany
Gün paneli oturdyldy, olar şol ýeriň golaýynda ýerleşýän swetaforlary, çyralary
energiýa bilen üpjün eder, diýip "Ýewropuls" habar berýär.
Bu pyýadalar ýoly esasan pyýadalar we welosiped sürýänler üçin
niýetlenendir, ýöne zerur bolan ýagdaýynda,has uly agramy hem göterip biler,
mysal üçin ýük awtoulagyny. Munuň üçin oturdylan panelleriň üsti, düýbi görünip
duran, smola we polimerleriň garyndysy bilen örtüler.
"Güneşli" pyýada ýolunyň,tutýan meýdany 40 inedördül metrdigi anyklandy.
Ol Rabat obasynyň merkeziniň golaýyndaky suw kenarynda ýerleşer.