Reýhan ýapraklarynyň düzüminde bar bolan, fenol tebigy birleşmesi, beýnini Alsgeýmer keselinden goramaga kömek edip biler, barlaglaryň bu netijesini amerikaly we hindistanly alymlar topary Frontiers portalynda neşir etdiler.

Bu maglumatda, fenolyň, beýniniň neýrotoksit derejesini peseldip bilýändigini aýdyňlaşdyrylýar. Alymlar, bu ýakymly otyň dermanlyk täsiriniň içege mikrobiomasyna täsir edýän mehanizmler bilen baglanyşyklydygyny bellediler.

Gözleg wagtynda, beýniniň saglygyna we aň-düşünjäniň peselmegine nähili täsir edip biljekdigini kesgitlemek üçin gözlegçiler beýniniň we içegäniň arasyndaky molekulýar täsirleri öwrendiler.

Topar 144,000 tebigy birleşmäni seljerenden soň, reyhan hoşboý ysyny berýän ösümlik birleşmesiniň fenkolyň belli bir reseptoryny iň oňat höweslendirýändigini, bu bolsa öz gezeginde beýnide zäherli amiloid-beta birleşmeleriniň döremegine päsgel berýändigini anyklady.

Ataýew Gaýgysyz,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň,
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.