Amerikanyň Pratt & Whitney kompaniýasy uly bolmadyk ganatly raketalar
üçin, TJ-150 gaz turbinaly hereketlendirijini ýasar. Onuň aýratynlygy, 3D printerde
çap edilmegidir. Bu hereketlendirijiniň bahasyny iki esse arzan eder.
TJ-150 gaz turbinaly hereketlendiriji, tutuşlygyna çap edilen böleklerden
ybarat bolar. Olaryň sanyny 400-den alty töweregi azaltmak isleýärler. Mundan öň
kompaniýa TJ-150 üçin ýangyç kamerasyny, 3D printerde çap etmegi synap gördi.
Netijeler, o diýen gowy bolmasa-da, Pratt & Whitney kompaniýasy bu işden boýun
gaçyranok. Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli, çap edilen hereketlendirijini
synap görmekçi.
TJ-150, çekiş güýji 667 nýuton güýçlendirmeli. Ony MAL äD hile-raketalara
we kiçi SPEAR ganatly raketalara gurnap bolýar.

Selbi PIROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby