Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezos 2021-nji ýylda daşky
gurşawyň goragyny güýçlendirmek boýunça grant üçin 1 milliard dollar bölüp
bermek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada pcnews.ru habar berdi.
Munuň özi telekeçiniň özüne degişli "Zemin gaznasy" döredilende agzap
geçen meýilnamalarynyň bir bölegi bolup durýar. Onuň çäklerinde, Amazonyň
öňki başlygy 2030-njy ýyla çenli 10 milliard dollar bölüp berjekdigini aýdypdy
diýip, Forbes ýazýar.
"Tebigatyň ýagdaýy häzirki wagtda 500 ýyl mundan ozalkysyndan –
tokaýlaryň ellenmedik, derýalaryň arassa we önümçilikden öňki howanyň tämiz
döwründäkiden has erbet. Biz bu anomaliýa bilen göreşip bileris we hökman
göreşäýmeli. Biz güýçleri birleşdirmek we häzirki durmuşyň artykmaçlyklaryndan
peýdalanmak arkaly daşky gurşawy gorap bileris" diýip, Amazon-yň
esaslandyryjysy Jeff Bezos aýdýar.
Şeýle hem gaznanyň "30×30" diýlip atlandyrylýan täsin maksady-da bar.
Onuň düýp manysy, 2030-njy ýyla çenli gury ýeriň we deňziň 30%-inde
haýwanlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşleriniň ýok bolmagynyň öňüni almak
islegidir.
Sugdiana NURUMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby