Türkiýäniň raýat awiasiýa kompaniýasy Turkish Airlines awiagatnawlaryň
gündelik statistikasy boýunça Ýewropada ikinji orny eýeleýär. Bu barada, Trend-iň
Anadolu agentligine salgylanyp habar bermegine görä, Ýewropanyň
aeronawigasiýa howpsuzlygy boýunça guramasynyň (EUROCONTROL)
hasabatynda aýdylýar.
Türkiýäniň milli awiagatnadyjysy 20 – 26-njy sentýabr aralygynda günde
ortaça 1 200 gatnaw amala aşyrdy.
Amala aşyrylýan awiagatnawlaryň sany boýunça yklymda birinji orny
Irlandiýanyň Ryanair kompaniýasy eýeleýär – günde 2 341 gatnaw. Üçünji orunda
Britaniýanyň Easyjet kompaniýasy ýerleşýär – 1 058 gatnaw.
Türkiýäniň ýene bir awiakompaniýasy bolan Pegasus 464 gatnaw bilen 10-njy
orunda ýerleşýär. Bellenilen döwürde Ýewropada 167 487 awiagatnaw amala
aşyryldy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Turkish Airlines awiagatnawlaryň sany boýunça Ýewropada ikinji orny eýeleýär
Turkish Airlines awiagatnawlaryň sany boýunça Ýewropada ikinji orny eýeleýär
